gazak baydak THE ASHGABAT TIMES

Goňşa uzaýan dostluk ýollary

28.11.2025

Uzak-uzak iller bilen gatnaşyk duldegşir goňşyň bilen ýürekdeşligiňden gözbaş alýar. Türkmen we gazak halklarynyň ýürekdeş gatnaşygynyň ölçegini ýyllar ýa asyrlar däl, tutuş taryh kesgitleýär. Berkarar döwletimiziň daşary syýasatyndaky üstünlikli ädimleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşularymyz bilen ysnyşykly gatnaşyklara daýanýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary şol gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany ýazdy.

Turuwbaşdan bellesek, biziň döwletlerimizi taryhy kökleriň umumylygy, ruhy we medeni gymmatlyklaryň ýakynlygy, aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlarymyz baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar möhüm döwletara resminamalara — strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama esaslanýar. Gazagystan Hazar deňzinde-de Türkmenistanyň goňşusydyr. Şunda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň  ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy Hazary parahatçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýydyr.

Ýurtlarymyzyň arasynda üstaşyr ulag ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Bu babatda hereket edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly uly mümkinçilikleri döredýär. Ol Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly üpjün edýär. Häzirki wagtda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan we ondan aňry Pars aýlagyna demir ýol, multimodal, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, bu ugur boýunça daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak üçin hytaý tarapy bilen işler alnyp barylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýady taýýarlanylýar. Hazar deňzinde Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň deňiz menzilleriniň kuwwatlyklary, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi aralygyndaky awtoulag ýoly örän uly mümkinçilige eýedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nobatdaky döwlet sapary bolsa köpugurly strategik hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder. Şu gezekki döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň geçirilmegi, onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi döwletara gatnaşyklarda möhüm sahypany alamatlandyrýar.

Maksat DAÑATAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1764164077281 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ata-eneler bilen bilelikdäki işleri döwrebaplaşdyrýarys

muzey milli THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli taryhy-medeni miras öwrenilýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop