bitarap news25 THE ASHGABAT TIMES

Hemişelik Bitaraplyk – dost-doganlyk binýady

28.11.2025

Häzirki wagtda berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatynyň özenini düzýän hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk işleri giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar.

Diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, halklaryň we döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ysnyşykly doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde aýratyn orna eýe bolan türkmen Bitaraplygy bu gün dünýäniň hemme halklarynyň dilinde. Ynha, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna dünýäniň çar künjünden belent mertebeli myhmanlar geler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Berkarar Diýarymyzyň merjen paýtagtynda geçiriljek bu toýa dünýäniň çar künjünden myhmanlary ata-babalarymyzyň beýik adamkärçilige ýugrulan ynsanperwer ýörelgesi çagyrýar, hemişelik Bitaraplygymyz çagyrýar, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutuş adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik taglymaty çagyrýar.

Biziň dana pederlerimiziň mähre eýlenen «Gelen – döwlet» diýen parasatly aýtgysy bar. Diýmek, ýurdumyza myhman gelýär, myhman bilen hem döwlet gelýär. Olary güler ýüzli, duz-çörekli, aýdym-sazly garşylamak bolsa halkymyzyň gadymyýetden gelýän däbi. Ine, şu ýörelgeden ugur alyp, Bitarap Watanymyzyň ähli ýerinde hem bu şanly toýa taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. 

Maýsa BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gazak baydak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Goňşa uzaýan dostluk ýollary

hngu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda sanly tehnologiýalar boýunça halkara forum guraldy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop