Dark
Light
05.02.2026
nusay THE ASHGABAT TIMES

Nusaý – taryhyň şöhratly şäheri

30.11.2025

Nusaý galasy gadymy Parfiýa şalygynyň medeniýetini, sungatyny özünde jemleýän gadymy şäher bolup, gözelligiň şa zenany adyny alan zenan — Rodoguna hem şu ýerde ýaşapdyr. Onuň gözelligi rowaýatlarda, ertekilerde we sungatda ýaşaýar. Nusaý galasyndan Parfiýa döwrüniň ýaşaýşyny we durmuşyny häsiýetlendirýän ençeme arhitektura desgalary tapyldy.

Gadymy şäheriň özi Täze Nusaýyň harabalyklarynda ýerleşýär. Şäheriň daşyna parfiýalylar döwründe inli gala diwary salnypdyr, olaryň gönüburçly goranyş diňleri bolupdyr. Günorta böleginde gala diwarlary bilen daşy aýlanan belent içki gala ýerleşýär. Içki galada diwanhanalar, döwletiň däne ammarlary, begzadalaryň ýaşan jaýlary ýerleşipdir. Begzadalaryň ýaşan mähelleleri, köplenç, hut şäheriň öz çäklerinde ýerleşipdir. Onuň demirgazyk-günbatar böleginde, gala diwarlarynyň ýakynynda dini merkez ýerleşipdir. B.e.öň III-II asyrda bu ýerde owadan ybadathana salnypdyr, onuň daşy sütünli eýwanlar bilen gurşalypdyr, b.e.öň I asyrda bolsa bu ýerde uly gonamçylyklar emele gelip başlapdyr. Ilatyň gurpsyz gatlaklarynyň ýaşaýan jaýlary şäheriň demirgazyk böleginde ýerleşipdir. Ol jaýlaryň diwarlary laýdan salnypdyr, jaýyň ýeri palçyk bilen şirelenipdir.

Bu ajaýyp galanyň maglumatlary ady dünýäniň çar künjüne ýaýran Parfiýa şalygynyň şan-şöhratyndan habar berýär. Mermer paýtagtymyzyň bu şäheriň golaýynda bolmagy bolsa, Aşgabadyň arhitektura aýratynlygy bilen bir hatarda, onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy we şöhratly mekandygyny subut edýär.

Hakykatdan hem, dürli döwürlere degişli gymmatlyklarda ýüze çykýan maglumatlar arkaly siwilizasiýalar mekany hasaplanýan Türkmenistan bu günki gün gadymy taryhy bilen dünýäni haýran galdyrýar. Gadymy taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olary dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun!

Annanabat ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylygyň, hoşniýetli ýörelgeleriň beýany

gyz edep terbiye THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Edep bilen bagt tapylar

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop