Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýlişi ýaly, ylym ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ylym ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki innowasiýalaryň ösen häzirki döwründe ylym-bilim döwrebap işleri durmuşa geçirmekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bilim — beýik işlere badalga, ylym bolsa bagtyýarlykdan binýat bolan durmuşyň synmaz sütünidir. Hut şonuň üçinem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys».
Häzirki wagtda «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda alnyp barylýan döwletli işler özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Muny ýylyň-ýylyna ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň ylmyň we tehnologiýalaryň dürli ugurlaryndan alyp barýan ylmy işleriniň täzeçilligi hem-de netijeliligi bilen häsiýetlendirmek bolar.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek döwrüň talaby bolup, ylym ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda alyp barmakda mynasyp orun eýeleýär. Bu babatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli alnyp barylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun! Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy mundan beýläk-de uly ösüşlere beslensin!
Ýazbibi BATYROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.