Dark
Light
24.01.2026
ekologiya 25 1 THE ASHGABAT TIMES

Ekologiýa abadançylygy röwşen geljegimizdir

30.11.2025

Tebigat bizi gurşap alan bitewi bir dünýädir. Adam tebigatyň aýrylmaz bölegi bolup, ol daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşaýar. Şonuň üçinem tebigaty aýawly saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjy, şol sanda wezipesi we hukugydyr.  Watanymyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelligini gorap saklamak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Täze taryhy döwrümizde ata Watanymyzyň öňe sürýän möhüm ekologik başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şeýle hem Diýarymyzyň tebigaty goramak boýunça toplan tejribesine tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Muňa halkara hyzmatdaşlygyň çäginde taýýarlanylan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn ekologik ähmiýeti bolan tebigy ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we ÝUNESKO klublarynyň açylmagy-da muňa anyk mysaldyr.

Umuman, tebigaty gorap saklamak, onuň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryna aýawly çemeleşmek ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki tebigat biziň umumy öýümiz bolup, ondaky ýüze çykýan üýtgeşmeler umumadamzada täsirini ýetirýär. Goý, ählumumy ekologik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Leýli TAZABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garagum bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylygyň, hoşniýetli ýörelgeleriň beýany

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop