awaza for kenar THE ASHGABAT TIMES

Awazada 9-10-njy dekabrda halkara maslahat geçiriler

01.12.2025

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek we bu ugurda halkara guramalar bilen çagalaryň inklýuziw ösüşi babatda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahatyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek bellenildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
pul taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda banknotlaryň täze nusgalary dolanyşyga girizilýär

kompoz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen filmi «Göwher kebelek» baýragyna mynasyp boldy

Soňkylar Habar

GitTop