kompoz THE ASHGABAT TIMES

Türkmen filmi «Göwher kebelek» baýragyna mynasyp boldy

01.12.2025

Golaýda ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy: Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper film Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kino baýragyna «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça mynasyp boldy.

2022-nji ýylda russiýaly tanymal kinorežissýor Nikita Mihalkowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kino baýragy halkara kinematografiýa ulgamynda täzelik boldy. Bu baýragyň şu ýyl ilkinji gezek gowşurylandygyny aýtmak gerek. Ýewraziýa giňişliginiň kino sungatyny ösdürmek maksady bilen döredilen baýrak 12 ugur boýunça gowşurylýar.

kompoz2 THE ASHGABAT TIMES

«Göwher kebelek» (Бриллиантовая бабочка) atly açyk Ýewraziýa kino baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 27-nji noýabrda Russiýanyň paýtagtynda ýerleşýän Nikita Mihalkowyň «12» ussahanasynda geçirildi. Oňa 17 ýurtdan kinoçylar özleriniň 34 filmi bilen gatnaşdylar. Ilkinji ýeňijileriň arasynda Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan, Serbiýa, Özbegistan we beýleki ýurtlardan bolan kinoçylar bar. «Iň gowy film» ugry boýunça baş baýrak hytaýly režissýor Sýuý Çžene «Akymyň garşysyna» atly filmi üçin gowşuryldy.

Ildeşimiz, goýujy-suratkeş Meýlis Hudaýberenow «Kompozitor» atly türkmen filminde ýerine ýetiren işi üçin «Iň gowy suratçy» ugry boýunça bu baýragyň eýesi boldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:30 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
awaza for kenar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awazada 9-10-njy dekabrda halkara maslahat geçiriler

adam beynisi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Adam beýnisi ulalyp bilermi?

Soňkylar Habar

GitTop