golyazma THE ASHGABAT TIMES

Eder-eder özüne eder

01.12.2025

Gündelik durmuşymyzda ulanýan nakyllarymyzyň düýp manysyny yzarlasaň, terbiýeleýjilik häsiýetli wakalaryň, birnäçe rowaýatlaryň üstünden barýarsyň. Olaryň ählisi-de durmuşyň many ýüki ýetik sapagy. Şol sebäpden-de nakyllar edebiýatçy alymlarymyz tarapyndan yzygiderli öwrenilip gelinýär. Ynha, «Eder-eder özüne eder» diýen nakyl hakynda şeýleräk rowaýat bar.

Gadym zamanlarda bir derwüş gapy-gapy aýlanyp, «Eder-eder özüne eder» diýip gaýtalapdyr. Bir aýal çörek ýapyp duran ýerinden: «Şu derwüşiň sesi ýüregime düşdi» diýip, çöregine awy goşupdyr-da, oňa beripdir. Derwüş çöregi torbasyna salypdyr-da, şol bir sözlerini gaýtalap, ýola düşüpdir. Ýolda oýnap ýören oglanjyklaryň ýanyna ýetende, olaryň biri ylgap gelipdir-de, bir bölek çörek bermegini haýyş edipdir. Derwüş hälki aýalyň beren çöregini şol durşuna oňa  beripdir. Oglanjyk çöregi iýen dessine heläk bolupdyr. Ýanyndaky dostlary ylgap onuň ejesini alyp gelipdirler. Bolan işe aňk-taňk bolan aýal: «Öz eden işim, dökülsin dişim» diýip, ýer ýumruklap aglamaga başlapdyr. Hälki derwüş yslam äleminde ady belli diwana Bahaweddin Nagyşbendi eken. Ol aýalyň ahy-perýadyna dözmän, Allatagaladan oglanjygy direltmegi diläp, nalyş edipdir. Onuň dilegi kabul bolup, oglanjyga jan giripdir. Şeýdip ol aýal ýaramaz niýetiň öz aýagyňa duşak bolýandygyna düşünipdir.

Bu bir rowaýat, ýöne onuň aňyrsynda halkymyzyň päk ahlak baradaky ýörelgeleri, ýagşylyk hem ynsanperwerlik gatnaşyklary ýatyr.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:30 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
adam beynisi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adam beýnisi ulalyp bilermi?

parahatcylyk bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop