2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri» atly gujurly ýaşlaryň bäsleşik sergisi açyldy. Bu sergide Bitarap döwletimiziň belent sepgitlerini, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň nurana keşbini, döwürdeşlerimiziň şahsyýet aýratynlyklaryny açyp görkezýän ençeme portretleriniň, şan-şöhratly beýik taryhymyzyň, ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň filosofiýasyny açyp görkezýän täsin äheňler we ajaýyp sazlaşýan taslamalar bir ýere jemlenip, sergide aýratyn orny eýelediler.

Ýaş zergärler hemişe gözlegde bolýarlar. Gözleýän zergär bolsa, döredijilik üstünliklere ýetýär. Biziň kalplarymyz gözellige teşne. Gözellik, megerem, biziň durmuşymyzyň gönezligi bolsa gerek. Diýmek, gözellikde ynsan dünýäsine üýtgeşik ylahy güýç eçilýän gudrat bolmaly. Gözelligi synlanyňda, biraz wagtlyk hem bolsa dünýäni unudýarsyň. Sen biygtyýar gözellige maýyl bolýarsyň. Türkmen amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşleri bilen birlikde, zergärçilik sungaty gözelligiň ajaýyp keşbini tapyp bilýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligine gözellik goşýan, ylahy güýçlere eýe hasaplanýan owadan daşlar bilen bezelen, olary dakynan adamy ähli ýaramazlyklardan goraýan şaý-sepler hiç bir zamanda öz gymmatyny ýitirmeýär.

Bu ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplarynyň zergärçilik eserleri ünsüňi has-da özüne çekdi. Olardan Kerem Akyýewiň «Parahatçylyk mukamy», Tawus Sylapowanyň «Sazlaşyk», Ýakup Amanberdiýewiň «Tumar şa», Maksat Şeripowyň «Tumar», Meýlis Meretmuhammedowyň «Tumar», Maýsa Batyrowanyň «Zer öwüşgini» atly şaý-sepleri sergä täsin öwüşgin berdi. Talyplaryň döreden «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly zergärçilik taslamalarynda milli gymmatlyklarymyz, türkmen saz gurallary bolan dutar, gyjak, haly gölleri nepislik bilen şekillendirilýär.

Ýaş zergär Kerem Akyýewiň «Parahatçylyk mukamy» atly boýun bezeginde parahatçylygyň nyşany bolan kepderileriň kellejikleri haşamlanan görnüşinde görkezilýär. Milli tumar şaý-sepiniň şekili ýatladýan eserde milli zergärçilik sungatyna mahsus bolan çeper usullary, nagyşlary we daşlary peýdalanylyp, döwrebap sungat eseriniň döremegine ýardam berdi. Ýakup Amanberdiýewiň «Tumar şa» atly zergärçilik toplumy boýun bezeginden we gulakhalkalardan ybaratdyr. Eser hakyk, pöwrize gaşlar bilen bezelip, owadan bir bütewiligi emele getirýär. Tumar şa gadymy türkmen taýpalarynyň biri bolan massagetleriň şa zenany bolup, öz döwründe uly edermenligi görkezen türkmen zenanlarynyň biridir. Boýun bezeginiň ýokarky bölegi türkmen gelinleriniň börüginiň öňüne dakylýan, başgabynyň görnüşini gaýtalaýan we çalaja aýlawly bolup durýan görnüşli egme şaý-sepini geýen türkmen şa zenanyny alamatlandyrýan görnüşde ýasalypdyr. Gulakhalkalaryň şekilinde hem boýun bezegindäki taslama çözgüdiniň käbir bölekleri gaýtalanýar. Şaý-sep toplumyndaky naýza görnüşli şelpeler, düwmeler, milli görnüşli zynjyrlar esere aýratyn gözellik berýär.
«Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri» atly gujurly ýaşlaryň bäsleşik sergisinde görkezilen zergärçilik işleriniň ählisinde milli çeperçilik ýörelgeler täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, ussatlyk bilen haşamlanypdyr. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän bu işleriň ählisi bagtyýar döwrümiziň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ösmegine özüniň aýratyn ähmiýetine eýe bolar.
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Şirmyrat KERIMOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyby.