«Samsung» ilkinji gezek üç eplenýän smartfony bolan «Galaxy Z TriFold»-y tanyşdyrdy diýip, «Reuters» agentligi habar berdi.
Bahasy takmynan 3,59 million won (2440 dollar) bolan model 253,1 millimetrlik displeýe öwrülmek üçin üç panel ulanýar. Displeý «Samsung»-yň iň täze «Galaxy Z Fold 7»-den 25 göterim uludyr.

Günorta Koreýada öndürilen «TriFold» 12-nji dekabrda satuwa çykarylar. Şeýle hem ol Hytaýda, Singapurda, Taýwanda we Birleşen Arap Emirliklerinde elýeterli bolar. Onuň 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
Enjam «Samsung»-yň flagman modellerinde iň uly batareýa eýedir we telefony 30 minutda 50 göterime çenli zarýadlap bilýän ultra çalt zarýadlamany goldaýar.
«THE ASHGABAT TIMES».