Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim edaralarynda hünärleriň kämilleşdirilişine, pedagogik işgärleriň tejribeleriniň artdyrylyşyna, öňdebaryjy iş tejribeleriniň öwrenilişine, ýüze çykarylyşyna we ýaýradylyşyna, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan hem Mary welaýatynyň mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik düzümlerinde mynasyp zähmet çekip, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegine, olaryň irki ösüşine we mekdebe taýýarlanmagyna has saldamly goşant goşýan pedagogik işgärleriň tapawutlanýan taraplary barada ýörite rubrika arkaly saýtyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Biziň bu gezek ýolumyz Ýolöten etrabyna düşdi. Gadymy sebitleriň biri bolan bu ýerde çagalar bakja-baglarynda nesilleriň şadyýan sesleri, ruhubelent pursatlary biziň göwnümizi hasam galkyndyrdy. Etrabyň 1-nji çagalar bakja-bagyna girenimizden bu ýeriň arassaçylygy, işgärleriň talabalaýyk iş pursatlary, bezeg işleriniň göwnejaýlygy bizde ýakymly duýgulary döretdi. Bu bakja-bagyň müdiri bizi topar otaglary we sapaklar bilen tanyşdyryp, dürli usuly täzelikleri barada habar berdi. Çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Aýsenem Berdiýewanyň sapagyna gatnaşanymyzda bolsa, biz ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatdaky ýörelgeleriň ähli künjeklerde mynasyp dabaralanýandygyna şaýat bolduk. Zehinlije körpeler, ajaýyp okuw otagy, bezemen görnüşler, köp ugurly esbaplar toplumy bu ýerde okuw-terbiýeçilik işleriniň, usulyýet çäreleriniň işjeň alnyp barylýandygyny äşgär etdi. Çagalar-bagynyň beýleki ugurlar boýunça işlerine hem seljermeler berip, biz ýolumyzy dowam etdik.

Ýolugra 9-njy çagalar bakja-bagyna-da sowuldyk. Bu ýeriň bezegleri hem bizde täsir galdyrdy. Diwarlarynyň çagalaryň dünýäsine mahsus şekiller bilen bezelmegi, dürli suratlaryň köpdürliligi edil ertekiler dünýäsine düşen ýaly duýgyny bagyş edýär. Bu çagalary bakja-bagyna uýgunlaşdyrmakda örän täsirli tärleriň biridir.
Ýolöten etrabynyň 15-nji çagalar bagynda hem biz täsirli pursatlara şaýat bolduk. Bu ýerde sanly bilim mümkinçiliklerini peýdalanmaga üns berilýän eken. Bakja-bagynyň terbiýeçisi Çynar Akmämmedowa bizi sapagyna kabul etdi. Çagalaryň ünsüni bölmezden biz ýuwaşlyk bilen yza geçip, sapaga syn etdik. Temany düşündirmekde, geçilenleri berkitmekde oýun usullarynyň, elektron görkezme serişdeleriniň peýdalanylmagy ähli körpelerde bolşy ýaly bizde hem gyzyklanma döretdi.

Şeýle tejribeler etrabyň çagalar baglarynyň ähli toparlarynda peýdalanylýar. Biz bir ýerde bezeg işlerinden täsirlensek, beýleki ýerde täze görkezme esbaplary bilen tanyşdyk, ýene bir bakja-bagynda sanly serişdelere bolan çemeleşmeleri görsek, beýleki birinde ýaş hünärmenlere usuly kömek berlişi begendirdi.
Umuman, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda hem mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işleri boýunça öwrenilmäge we ýaýradylmaga degişli tejribeler kän. Biz öz saýlan hünärini jandan söýüp Alym Arkadagymyzyň eserlerini ýakyn gollanma saýyp, dünýäniň häzirki zaman tejribelerini öwrenmäge ukyply, iş ýüzünde durmuşa geçirmäge döredijilikli çemeleşýän şeýle pedagogik işgärleriň sanynyň barha artýandygyna tüýs ýürekden begenýäris we olara mundan beýläk hem üstünlik arzuw edýäris.
Biz şeýle makalalar arkaly beýleki sebitlerde hem ýüze çykýan oňyn tejribeleri, zähmet üstünliklerini, yhlasly zähmet çekýän pedagogik işgärleriň tagallalaryny paýlaşyp, indiki makalalarymyzda beýan ederis. Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösüşi, milli ruhda kemala getirilişi babatda ähli mümkinçilikleri, bilim ojaklarynda ähli zähmet şertlerini döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de asylly işlerde nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.