saglyk derman THE ASHGABAT TIMES

Lukmançylyk ylmyna goşant

03.12.2025

Parasatly pederlerimiz «Saglygym — begligim», «Bar zadyň sakasy ― saglyk» diýip, ähli ugurda baý tejribelerini, ýagşy durmuş ýörelgelerini nesillere miras goýmak bilen, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bahasyz baýlyk hasaplapdyrlar. Ýakynda lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bolsa lukmançylyk ylmyna möhüm goşant boldy.

Lukman Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň jana tenekar ösümlikleriniň kesel bejerijilik häsiýetlerini ylmy esasda açyp görkezmegi dünýä lukmançylyk ylmynda täze, düýpli tejribedir. Şoňa görä-de, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiň täze jildinde türkmen topragynda ösýän jana tenekar dermanlyk ösümlikleriň 107-si barada giňişleýin we anyk-aýdyň maglumatlar beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Şu mynasybetli, Gahryman Arkadagymyz halkymyza, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabyny peşgeş berdi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde elimize gowşan bu kitap baý many-mazmuny, täsirli beýan edilişi, özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz täze kitabynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň 30 ýylda geçen taryhy ýoluny, ýeten belent sepgitlerini lukman nukdaýnazary bilen beýan edýär.

Görnüşi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny ylmy esasda ösdürmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip bellemegi bolsa beýik işlere badalga berýär. Goý, berkarar döwletimizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzyň saglygyny, ýaşaýyş-durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Batyrnepes ANNANEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň assistenti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:39 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
futbol dek THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Arkadag» futbol topary «Andijon» topary bilen duşuşdy

bitarap taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – dünýä ähmiýetli gymmatlyk

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop