Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni» atly halkara internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan, Belarusdan, Russiýadan, Türkiýeden we Hytaýdan jemi 72 sany abraýly ýokary okuw mekdebiniň 535 talyby gatnaşdy.
Halkara olimpiadada dürli ugurlar boýunça bilim alýan gatnaşyjylara makroykdysadyýet, dünýä ykdysadyýeti we halkara ykdysady gatnaşyklar derslerine degişli soraglar berildi. Onuň netijeleri boýunça jemi 106 talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňiji bolanlaryň 66-synyň türkmen talyplarydygy buýsandyryjydyr.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda halkara internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijilere ýokary okuw mekdebi tarapyndan I, II hem-de III derejeli diplomlar we Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«THE ASHGABAT TIMES».