bae bas THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

04.12.2025

2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Tertip boýunça dabaranyň ilkinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Dabara BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýyan, şeýle hem Premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan gatnaşdylar.

bae bas 2 THE ASHGABAT TIMES

Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna BAE-niň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi BAE-niň Prezidentine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky resmi çakylygy hem ýetirdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
olimp hal THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara internet olimpiadasy geçirildi

bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabadyň käbir şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler

Soňkylar Habar

Halkara internet olimpiadasy geçirildi

04.12.2025
Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady
GitTop