6c7a8867 resized THE ASHGABAT TIMES

Mediaforumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti sanly hüjümler boýunça okuwa gatnaşdylar

05.12.2025

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 4-nji dekabrda geçirilen «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III halkara mediaforumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti sanly hüjümler, kiberhowpsuzlyk boýunça okuw sapagyna gatnaşdylar. Wekiliýetiň düzüminde türkmen habar beriş serişdeleri bilen birlikde, «The Ashgabat times» internet platformasynyň hem hünärmeni gatnaşdy.

6c7a8873 resized THE ASHGABAT TIMES

«Sanly hüjümleri nädip seljermeli?» atly temada geçirilen okuw sapagyny bu ugurda halkara hünärmen Artýom Tarasow alyp bardy. Okuw saagynda sanly tehnologiýalardan peýdalanylanda ygtybarly açar sözleri ulanmak, internet arkaly töleg amallaryny ýerine ýetirmegiň düzgünlerini berjaý etmek, wiruslara garşy programmalardan peýdalanmak, maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasyny saklamak, näbelli gelip çykyşly maglumat göterijilerden gaça durmak we beýlekiler barada giňişleýin maglumat berildi.

6c7a8876 resized THE ASHGABAT TIMES

Maksut Narikbaýew uniwersitetinde geçirilen okuw sapagy maglumat goraglylygyny üpjün etmegi kämilleşdirmekde netijeli boldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
6c7a8639 resized THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bir günlük sebitleýin mediaforum üstünlikli tamamlandy

1peteac8jvf6aglev4t17649171411705 l THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Özbegistan bilen Germaniýa ilkinji bilelikdäki söwda öýüni açdy.

Soňkylar Habar

GitTop