koneurgenjin mukaddeslikleri bggubk31fa THE ASHGABAT TIMES

Horezm sungatynda saklanan syrlar

10.10.2025

Gadymy Horezm topragy bol suwly Amyderýanyň boýunda ýerleşip, ösen medeniýetiň, sungatyň, senetçiligiň we söwdanyň ösen ojagy bolupdyr. Horezmde ýaşan ussalar altyndan, kümüşden, misden, bürünçden, demirden dürli gurallary, şaý-sepleri, oba hojalyk önümlerini ýasapdyrlar, taýýarlanylan önümler dünýäniň beýleki ýurtlarynda ösen islege eýe bolupdyr. Horezmda ezberlik bilen ýasalan jaýlar, binalar, köşkler, metjit-medreseler we beýleki desgalar özboluşlylygy bilen tapawutlanypdyr.

Şeýle şäherleriň biri bolsa Horezmiň medeniýetine özboluşly öwüşgin berýän Toprakgala şäheridir. Bu ýerden birnäçe heýkellerdir, nepislik bilen ýasalan bezeg şaýlarynyň köp mukdarda we köp nusgada tapylmagy Toprakgalanyň ösen medeniýetli şäher bolandygyny görkezýär. Humlaryň, küýzeleriň we olaryň bölekleriniň arheologlar tarapyndan ýüze çykarylmagy, tapylan tapyndylarda dürli nagyşlaryň bolmagy Horezmde ösen senetçiligiň bolandygyndan habar berýär.  Horezmde otparazçylyk diniň agdyklyk edendigine ybadathanalarda saklanylyp galan müdümilik oduň yzlary şaýatlyk edýär.

Horezm häzirki Daşoguz welaýatynyň çäkleri bolup, bu ýerde birnäçe asyrlar mundan öň dowam eden däp-dessurlaryň şu günki günde hem halk arasynda gabat gelýändigi örän özüne çekiji ýagdaýdyr. Durmuş gurýan ýaşlaryň ýanyp duran oda, ýagny 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hatyrasyna bina edilen ýadygärligindäki müdimilik oda gül desselerini goýmagy ýa-da bolmasa, gelin getirýän kejebäniň-gelinalyjy ulagyň oduň üstünden geçirilmegi, Nowruz gününde oduň üstünden bökülmegi, ýaşulular tarapyndan töwür galdyrylanda «…ot belasyndan, suw belasyndan goragyn!» ýaly sözleriň aýdylmagy Horezm medeniýetiniň käbir şahajyklarynyň şu günki günde hem dowam edýändiginiň tekrarnamasydyr.

Dünýä medeniýetini, sungatyny äleme äşgär edýän ajaýyp şäherleri bolan türkmenistanlylaryň her biriniň kalby buýsançdan, ýüregi hujuwdan doludyr.

Bibi TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dil bil THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeniýet — milli ruhuň binýady

Soňkylar Makalalar

Sadap dişleriňiz saglyk eçilsin!

08.12.2025
Her bir adam, ilki bilen, öz saglygy barada alada etmelidir, arassaçylyk endiklerini durmuşyna ornaşdyrmalydyr. Bedeniniň ähli agzalary bilen bir hatarda, dişleriniň sagdynlygyny hem goramalydyr.

Gök otlaryň saglyga peýdasy

08.12.2025
Lukmanlaryň maslahatyna görä, günüň dowamynda miweleriň we gök önümleriň hiç bolmanda 400 gramyny iýmelidir. Ilkinji nobatda bolsa ter gök otlary gündelik iýmit bilen ýanaşdyrmagy

Parahatçylyk dörediji taglymlara ygrarlylyk

08.12.2025
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk

Bilim iň gymmatly hazynadyr

08.12.2025
Täze taryhy eýýamda ylym-bilime ösüşiň, özgertmeleriň, öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji, şol sanda iň gymmatly hazyna hökmünde baha berilýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň
GitTop