Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. 2025-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat munuň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler.
Forumyň geçiriljek ýerinde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmegi halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine, ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan sarpany şöhlelendirýän sergi guralyp, onda degişli gymmatlyklar we maglumatlar görkeziler.
Forum bilen ugurdaşlykda guraljak giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapar. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine öwrüler. Hazaryň kenarynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi we oňa gatnaşmaga isleg bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara düzümleriň wekilçilik derejesi ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan hormatyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändiginiň anyk delilidir.
Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahata degişli düzümler tarapyndan ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrar. Mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Oguljemal GÖKIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň iňlis dili mugallymy.