Dark
Light
27.12.2025
taryh turkmen THE ASHGABAT TIMES

Köneürgenjiň binagärçilik sungaty geljegiň sahypalarynda

08.09.2025

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň köpasyrlyk sungatyny, milli medeniýetini hem-de şan-şöhratly taryhyny dogruçyl öwrenmeklige giňden badalga berilýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki zaman ösen jemgyýeti-de döwlet gurluşynyň täze bir tapgyryny, has takygy, türkmeniň milli däp-dessurlaryna laýyk gelýän özboluşly bir ýörelge mekdebiniň esasyny gurýar.

Taryhda binagärçiligiň ösen sungat ýadygärlikleri we şäher gurluşygynyň özboluşly arhitektura medeniýetiniň ýaýbaňlanan türkmen şäherleri örän köp bolupdyr. Olar Altyndepe, Merw, Köneürgenç, Nusaý, Amul, Dehistan şäherleri we beýlekilerdir. Köneürgenjiň binagärlik sungaty bu gün dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Üstünden gatbar-gatbar ýyllary geçirendigine seretmezden, Köneürgenjiň saklanyp galan binagärçilik sungaty köküni müňýyllyklaryň sepgidinden alyp gaýdýar. Ýadygärlikleriň reňkli diwar bezegleri we olaryň aňladýan manylary arheologlar we taryhçylar tarapyndan häzire çenli öwrenilýär.

Umman ýaly ýaýylyp ýatan türkmen ýurdunda dörän şäher sungatynyň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýän Arkadag şäheri çawuny dünýä ýaýýar. Gadymy türkmen şäherleriniň milliligini özünde jemleýän bu şäher taryh bilen şu günüň arasyndaky baglanyşýan müdimilik zynjyr bolup, halkymyzyň asuda we parahat ýaşaýşynyň maksadalaýyk bolmagyna gönükdirilendir. Durnukly ösüşiň bähbitlerine we raýatlaryň döwrebap, medeniýetli ýaşamaklaryna gönükdirilen ykdysady-syýasy ösüşiň esasy görkezijisi bolan Arkadag şäheri demografik ýagdaýyň ýokarlanýandygynyň we ekoulgamyň dikeldilýändiginiň görkezijisidir.

Milli ykdysadyýetiň täze öwüşginlerinde ýaşyl tehnologiýalara esaslanyp gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň ähli amatlyklary özünde jemlemegi tebigatdan tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawy gorap saklamak syýasatyna doly kybap gelýär. Ynsan durmuşynyň gymmatlydygy tekrarlaýan akylly we amatly Arkadag şäheri tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky arabaglanyşygy guramagyň kämil nusgasy bolup durýar. Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde gazuw-barlag, rejeleýiş, berkidiş işlerini geçirmäge möhüm ähmiýet berip, bu ugurda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Bibi TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

seydi institut THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwrebap binalar toplumy gurulýar

kitaphana new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Paýhas we ylham çeşmesi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop