Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary bilen birlikde, telekeçilik pudagynda hem birnäçe ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda agrar pudagyň işi has-da döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem telekeçilik işi giň gerime eýe bolýar. Şonuň netijesinde oba hojalyk önümlerinden taýýar önümleri öndürmäge niýetlenen zawod-fabrikler, ýyladyşhana toplumlary, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklary döredildi.
Döwletimiz tarapyndan döredilen ýeňillikleriň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy doly üpjün edildi. Ýurdumyzyň agrar pudagyny ösdürmekde telekeçiligiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak wajyp ähmiýete eýedir. Bu ugurda ýaş telekeçileriň alyp barýan işleri uly orny eýeleýär. Munuň şeýledigine 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “Ýaşlar telekeçiliginiň” milli ykdysadyýetdäki orny atly onlaýn görnüşindäki geçirilen ylmy-amaly maslahat şaýatlyk edýär. Bu maslahata Daşoguz welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdebiň talyplary we mugallymlary, Aşgabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Lebap welaýatynyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem işeňňir gatnaşdylar.
Bu ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady ýaşlara telekeçilik pudagynyň milli ykdysadyýetdäki orny barada düşündirmek, şeýle hem bu ugruň ýaşlara geljekde öz bilim alýan ugurlary bilen bilelikde has-da kämilleşmeklerinde uly itergi berjekdigini düşündirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumy ilatynyň 50 %-den gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Şoňa laýyklykda, oba hojalygynda telekeçiligiň ösdürilmegi oba ýerlerinde ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalygynda ýaşlaryň telekeçilik bilen meşgullanmagynyň örän çuň taryhy kökleri bar.”Ýaşlar telekeçiligi” adalgasynyň taryhy nukdaýnazardan peýda bolanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, durmuş-ykdysady we tehnologik şertleriň täsiri astynda onuň diňe adynyň üýtgändigi barada käbir alymlar öz pikirlerini öňe sürýärler. Bu ýagdaý “Ýaş telekeçi” häsiýetini düýbünden üýtgetdi. Öň telekeçi diýlende “tejribeli, orta ýaşly adam” göz öňüne gelýän bolsa, indi kompýuteriň başynda oturan, innowasion pikiri bolan ýaş oglan-gyz göz öňüne gelýär. “Startup” düşünjesi ýaşlar bilen baglanyşdyryldy. Türkmenistanda ýaşlar telekeçiliginiň taryhy barada aýtsak, biziň ýurdumyzda bu ugur Garaşsyzlyk ýyllarynda emele geldi we bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen ösdi.
Häzirki döwürde döwlet tarapyndan ýaş telekeçilere uly goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky kanunlar, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty” hakyndaky Kanunyň rejelenen görnüşi ýaşlaryň bu iş bilen meşgullanmagyna giň ýol açdy. Häzir türkmen ýaşlary diňe söwdada däl, eýsem, oba hojalygy, önümçilik we hyzmatlar ulgamynda işjeňleşýärler. Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Maral GAÝYPOWA
Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrabynyň 24-nji orta
mekdebiniň fizika mugallymy