Ömrüň manysy edilen işler bilen ölçense, şol beýik işleriň maksady Watana bolan söýgüden gözbaş alýar. Kämil nesilleri ýetişdirmek, ylym-bilim almak, hünär öwrenmek ýaly birnäçe peýdaly amallar biziň Watana, il-güne söýgimiziň durmuşdaky aýdyň ýüze çykmasydyr. Şu jähetden, hemmetaraplaýyn kämil nesilleri kemala getirmekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary egsilmez hazynadyr.
Adamyň bagtyýar ýaşamagy üçin asuda Watan gerek. Çünki bagtyýarlyk ýurt parahatçylygyndan, saglykdan, il agzybirliginden başlanýar. Watana bolan söýgi hem bagtyýarlygyň altyn açary bolup, rowaçly menzillere, arzyly arzuwlara ýetmekde täze ýollary açýar.
Çünki watançylyk terbiýesi halkymyzyň zandyna ornandyr. Diýarymyzyň parahatçylygy, raýatlaryň asuda ýaşaýşy ugrunda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň Watan söýgüsiniň doly suratda şöhlelenmesidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleri sanasaň, sogaby kän. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär.
Adamy adam edýän onuň adamkärçiligi, asylly häsiýetleri bilen birlikde, watançylyk terbiýesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ylmy-filosofik kitabynda şeýle diýýär: «Kämil şahsyýet bolup ýetişmekde, adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir. Watansöýüjiligiň ýüze çykmasy halal zähmetiň bilen Watanyň şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmakdadyr». Şonuň üçin hem Milli Liderimiz watançylyk terbiýesine aýratyn üns berip, ony on iki terbiýäniň iň başynda goýýar.
Dünýäde ähli zat ösýär, özgerýär, öz durkuny üýtgedip, başga bir närselere öwrülýär. Tebigatyň bu kanunyna ters gelýän ýekeje gymmatlyk bar. Watan söýgüsi hiç hili üýtgemän, her bir gelýän nesilleriň ýüreginde hemişelik orun alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň diňe bir halkymyza däl, tutuş dünýä halklaryna peşgeş beren çuň manyly kitaplary şol beýik söýginiň binýadyny berkidip, ýollarymyza paýhas nuruny saçýar, gözýetimimizde täze menzilleri açýar.
Dagbaşy HUDAÝBERENOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 3-nji ýyl harby talyby.