Dark
Light
11.01.2026
sport masyn THE ASHGABAT TIMES

Türkmen sportunyň şöhraty

15.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlaryň hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň we tälimçileriniň sylaglanylmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zurnalistler THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Köpçülikleýin habar serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr

ykdysadyyet THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Telekeçilik pudagy ösüş ýolunda

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop