Täze taryhy döwrümizde Aşgabat dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär. Gözel paýtagtymyza gezelenç edeniňde, ilki bilen, ol barada «saglyk şäheri, sportuň, sagdynlygyň paýtagty» diýen jümleler hakydaňa dolýar. Sebäbi ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamynyň ösen infrastrukturasy binýat boldy, bir-birinden owadan lukmançylyk desgalary bolsa türkmen paýtagtyny has-da nurlandyrýar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleri gurulýar. Hut geçen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy täze taryhy döwrümiziň möhüm wakalarydyr. Mundan başga-da, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan durky täzelenen köçäniň açylyş dabarasy hem boldy.
Soňky ýyllarda Aşgabatda döwrebap saglyk merkezleri, köpugurly hassahanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, şypahanalar hem-de beýleki birnäçe desgalar gurlup ulanmaga berildi. Hususan-da, Arçabil şaýolunyň ugrunda giň lukmançylyk düzümleriniň döredilendigini buýsançly bellemek gerek. Şunda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyna aýratyn orun degişlidir. Halkymyzyň saglygynyň, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Mähri JÜMMIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.