Dark
Light
19.12.2025
bitarap baydaklar THE ASHGABAT TIMES

Aşgabat Jarnamasy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine

19.12.2025

Mälim bolşy ýaly, 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Jarnamanyň esasy mazmunyny düzýär. Resminama diňe bir BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň bu hukuk derejesini tassyklaýan üç Kararnamasyny bellemek bilen çäklenmän, eýsem, bitaraplygyň ähmiýetini hem ykrar edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde kesgitlenilýär. Mundan başga-da, Jarnama «Biziň dünýämizi özgertmek: 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi» atly Kararnama salgylanyp, ählumumy durnukly ösüş gün tertibine ünsi çekýär. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyjynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny görkezýär. 

Jarnama parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işini goldaýar. Ýurdumyzyň teklibi boýunça döredilen bu resmi däl topar tejribe alyşmak we gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň düýp sebäplerini aradan aýyrmak üçin bitaraplyk ýörelgelerini ulanmakda anyk çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin meýdança bolup durýar. Resminamada Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm orny nygtalýar. BMG-niň ygtyýarlyklaryna laýyklykda hereket edýän bu merkez strategik taýdan wajyp sebitde dialogy we durnuklylygy pugtalandyrmakda bitarap meýdançanyň ähmiýetini açyp görkezýär.

Umuman, Aşgabat Jarnamasy halkara jemgyýetçilige XXI asyryň ählumumy hyzmatdaşlygynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ileri tutulýan ugur bolmagyny üpjün etmek üçin dialogy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmaga çagyryşdyr.

Süleýman GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
teatrs THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatdaky teatrlar Täze ýyl sahnalaryny hödürleýär

ma yaponiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi Aziýa – Ýaponiýa: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Soňkylar Makalalar

Sport we bedenterbiýe – ýaşlaryň endigi

18.12.2025
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji günlerinde berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalar bilen ýetilýän belent sepgitler barada oýlanmagyň özi bagtlylykdan nyşan.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady

18.12.2025
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty, durnukly ösüş, tebigy baýlyklary özleşdirmegiň giň mümkinçilikleri dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Ýaponiýa Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri
GitTop