2009-njy ýylyň dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary düýpli özgerden aýratyn tapgyr boldy. Bu sapar diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmak bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletleýin senagat hyzmatdaşlygynyň konsepsiýasynyň hem binýadyny goýdy. Türkmenistan we Ýaponiýa halkara guramalaryň meýdançasynda ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.
Soňky ýyllarda köpugurly hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär, hil taýdan täze derejä çykýar. Şunda howanyň üýtgemegi, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, energetika, ylym-bilim, sebit howpsuzlygy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ugurlara uly orun degişlidir. Şol bir wagtyň özünde geljegi uly hasaplanýan maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Medeniýet günleri, konsertler, sergiler döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran saparlary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyndan iş ýüzünde netijeli peýdalanmaga uly mümkinçilik döretdi.
Iki dostlukly ýurt abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu formatyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär, dürli derejeli duşuşyklar, forumlar guralýar. Şu ýylyň sentýabrynda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesinde geçirilen ikinji ykdysadyýet we energetika dialogynyň gün tertibine hem özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde türkmen-ýapon gatnaşyklaryna özara bähbitlilik we deňhukuklylyk mahsusdyr. Bu ýörelge Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, işewürlik gatnaşyklaryny toplumlaýyn we uzak möhletleýin ýola goýmaga iki tarapyň islegleri uludyr.
Näzik KULIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.