Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda himiýa senagaty hem döwrebap ösdürilip, Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan saldamly işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýakynda Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatynda uly ösüşleriň gazanylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir» diýip bellemegi halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny ýerine ýetirmek Koreýa Respublikasynyň «Daewoo» kompaniýasyna ynanylmagy ýurdumyzyň daşary döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädimdir.
Iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şunda ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlere hem-de ekologik talaplara doly laýyk gelýän Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmagyň meýilleşdirilýändigi milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan himiýa senagatyny ösdürmekde saldamly işleriň durmuşa geçirilýändiginden habar berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Tawus MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.