Dark
Light
23.12.2025
atajan tagan THE ASHGABAT TIMES

Türkmen edebiýatynda uly ýitgi: meşhur ýazyjy Atajan Tagan aradan çykdy

23.12.2025

Türkmen medeniýeti we edebiýaty agyr ýitgä sezewar boldy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, meşhur ýazyjy we dramaturg Atajan Tagan 21-nji dekabrda aradan çykdy. Atajan Tagan diňe çeper sözüň ussady bolman, türkmen taryhyny we milli gymmatlyklaryny aňrybaş bilýän hem-de eserlerinde wasp eden ýazyjydyr. Onuň «Keseki», «Lal perişde» we «Gowşut han» ýaly eserleri okyjylaryň kalbynda ebedilik orun aldy. Ol özüniň ajaýyp zehini bilen türkmen söz sungatyny dünýä derejesine çykaran ýazyjylaryň biridir.

Halkymyz merhumyň maşgalasyna, dogan-garyndaşlaryna we ähli edebiýat muşdaklaryna çuňňur gynanç bildirýär. Ussat ýazyjynyň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda dünýä inýär. Onuň edebiýat ýoly türkmen halkynyň durmuşynyň iň çylşyrymly döwürlerine gabat gelýär.

Ol 1967-nji ýylda Moskwanyň Edebiýat institutyny tamamlap, edebiýat meýdanyna gadam basýar. Onuň ýiti galamynyň önümi bolan ilkinji hekaýalary we oçerkleri eýýäm ýaşlyk ýyllarynda okyjylaryň ünsüni çekip başlaýar. Atajan Tagan okuwyny gutaran ýyly Türkmenistanyň Ýazyjylar bileleşigi ony SSSR-iň Ýazyjylar birleşigine türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi wezipesine Moskwa şäherine işe ýollaýar. Atajan Tagan şol ýerde 1993-nji ýyla çenli, Türkmenistana gaýdyp gelýänçä işleýär.

Atajan Taganyň eserleri fransuz, rus, bolgar, türk we beýleki köp sanly dillere terjime edildi. Fransuz edebiýatçylary onuň «Keseki» romanyna ýokary baha berip, ony «Gündogaryň ajaýyp eseri» hökmünde häsiýetlendirdi.

Atajan Tagan türkmen-rus medeni gatnaşygynyň ösmegine goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň karary bilen «Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at berlen ilkinji türkmenistanlydyr. Ýazyjy ömrüniň soňky ýyllarynda ýurdumyzda neşir edilýän «Dünýä edebiýaty» žurnalynda terjimeçi bolup işledi. Atajan Tagan özüniň «40 ýylda ýazylan kitap» diýen eseri bilen ömrüni we döredijilik ýoluny jemläp, geljekki nesillere uly miras goýup gitdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nemes dili THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«The Ashgabat Times» okyjylary üçin täze mümkinçilik: nemes dili

Soňkylar Habar

GitTop