17—21-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Fransiýa Respublikasynyň Sen-Pol-de-Dýurans şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň esasy maksady dünýäniň iň iri we möhüm ylmy taslamalarynyň biri bolan Halkara ITER (International Thermonuclear Experimental Reactor) guramasynyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmakdan ybarat boldy. Saparyň dowamynda wekillerimiz häzirki zaman ylmynyň iň çylşyrymly meseleleriniň biri bolan dolandyrylýan termoýadro sintezini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan synaglar barada giňişleýin maglumat aldylar.
ITER guramasynyň alyp barýan ylmy barlaglary geljekde adamzady ekologik taýdan arassa, ygtybarly we tükeniksiz elektrik energiýasynyň çeşmesi bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Türkmen wekiliýeti bu merkezde termoýadro energiýasyny almak üçin ulanylýan innowasion tehnologiýalar we gurnama işleri bilen gyzyklandy. Şeýle hem, bu taslamanyň dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti we geljekde tebigy baýlyklary tygşytlamaga berjek mümkinçilikleri barada hünärmenler bilen pikir alşyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, bu halkara derejesindäki ylmy sapara ýurdumyzyň ýaş alymlary hem işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, uniwersitetiň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi A.Amanmädow hem-de radiofizika we elektronika hünäriniň 1-nji ýyl talyby M.Kakamyradowa bu möhüm çäräniň bir bölegi boldular. Ýaş hünärmenleriň şeýle dünýä derejeli taslamalar bilen tanyşmagy, ýurdumyzda fizika we tehnologiýa ylmynyň has-da ösmegine goşant goşar.