Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan guralan tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda üstünlikli tamamlandy. Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen 72 türgen (47 erkek, 25 zenan) bu ýaryşda güýç synanyşdy. Bäsleşik ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.
Erkekleriň ýekelikdäki final duşuşygy milli ýygyndynyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiý bilen onuň şägirdi Allanur Daýanjowyň arasynda geçip, tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Geçen aý Bahreýniň Isataun şäherinde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň toparynyň düzüminde üstünlik gazanan bu iki türgen indi milli kubok ugrunda bäsleşdiler.
Allanur Daýanjow, Seýran Begjaýewi 6:1, 7:6; Kerimgeldi Gulgeldiýewi 6:1, 6:0; Merdan Hanowy 4:6, 7:5, 6:3; Didar Wepamyradowy 6:4, 6:2 hasap bilen ýeňdi.
Ýuriý Rogusskiý bolsa Mihaýil Anohini 6:0, 6:0; Nazym Kasymowy 6:4, 7:5; Resul Ataýewi 4:6, 6:4, 6:2 we üç sagatdan gowrak dowam eden ýarym finalda Meýlis Orazmuhammedowy 4:6, 7:5, 7:6 hasabynda utdy.
Üç sagat 20 minut dowam eden final duşuşygy hem ýokary dartgynlylykda geçdi. Birinji setde Ý.Rogusskiý 6:4 hasap bilen öňe saýlandy. Ikinji setde A.Daýanjow garşydaşyna mümkinçilik bermän, 6:0 hasap bilen ýeňiş gazandy. Aýgytlaýjy setde bolsa Allanur goşmaça wagtda 7:6 üstün çykyp, ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi.
22 ýaşly Allanur Daýanjow şu ýylyň aprelinde hem Türkmenistanyň çempiony bolupdy. Şeýlelikde, ol bir ýylyň dowamynda ikinji gezek milli derejesindäki baýragy gazandy. Ol Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň bäşinji ýyl talyby bolup, okuwyny we sport karýerasyny üstünlikli utgaşdyrýar.
Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Didar Wepamyradowy 6:3, 6:4 hasap bilen ýeňen Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň tälimçisi Meýlis Orazmuhammedow bürünç medala mynasyp boldy.
Zenanlaryň ýekelikdäki bäsleşiginde Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Möwlamowa ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy. Ol ýaryşyň dowamynda ýokary ussatlyk görkezdi.
A.Möwlamowa Ýewa Abramowany 6:0, 6:0; Jennet Orazalyýewany 6:3, 6:1 hasap bilen ýeňip, ýarym finala çykdy. Ýarym finalda bolsa birinji orunda duran Leýli Esenowany 6:4, 6:4 hasap bilen utdy. Finalda Aýlar Kakabaýewa garşy çykyş eden Aýnur ýeňşi gazanyp, zenanlaryň arasynda iň güýçli tennisçi boldy.
Bürünç medal Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Çaryýewa mynasyp boldy. Ol üçünji orun ugrundaky duşuşykda Leýli Esenowany 6:4, 6:4 hasap bilen ýeňdi.