Ähli ynsanlaryň uly umytlar, ýagşy arzuw-niýetler bilen garaşan Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Owadan Täze ýyl lybasyny geýnen Aşgabat gijelerine durşy bilen ýalkym bolup duran şähere öwrüldi. Täze ýyl yşyklarynyň jadylaýjy öwüşgininden göwni galkynyp, biri-birine iň gowy baýramçylyk gutlaglaryny aýdyp, şatlyklaryny paýlaşmaklary il agzybirliginden nyşandyr.
Dürli öwüşginli çyralary bilen asuda gijeleri ýagtyldyp, ata Watanymyzyň gözelliklerini goşalandyrýan arçalaryň töweregi birnäçe günden bäri has köp adamly. Aýratyn-da «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde bezelen ýurdumyzyň Baş arçasyna gelýänleriň gelim-gidimi egsilenok. Dürli-dürli bezeg we yşyklandyryjy serişdeleriň müň dürli görnüşleri bilen bezelip şugla saçýan owadan Täze ýyl arçasynyň ýanynda şowhunly çäreleri geçirmäge hem-de bu ýerde surata düşmäge türkmen paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gelýärler. Baýramçylyk görnüşleri merkezi meýdançalarda, uly şaýollaryň ugurlarynda, seýilgählerde we şäheriň her künjeginde şugla saçýar.
Egsilmez zähmet üstünliklerine, uly rowaçlyklara, päk arzuw-niýetlere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly özüniň rysgal-bereketi bilen halkymyzy guwandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda üstünlige beslenen 2025-nji ýyl her bir adamyň kalbyna buýsanç, ýüregine mähremlik çaýdy. Täze ýyl baýramynyň şu ýakymly pursatlarynda her bir ynsanyň iň bir ýakynlaryny gutlamaga, dost-ýarlaryna, dogan-garyndaşlaryna, goňşy-golamlaryna päk arzuwlar etmäge howlukmagy pederlerimiziň asylly däpleriniň dowamat-dowamdygyny alamatlandyrýar.
Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlansyn! Täze ýyl türkmen halkyna rysgal-bereket, bagtyýarlyk getirsin!
Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.