Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy ýyla berýär. Tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-deArkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary üstünlikler gazanyldy. Ýetilýän belent sepgitler bolsa bagtyýar halkymyzy täze ösüşlere ruhlandyrýar.
Bu ýyl halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Şanly ýylymyzyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilen halkara forum bolsa iň täze taryhymyza möhüm sahypa bolup ýazyldy. Halkara forumyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edilip, ol häzirki zaman dünýäsinde halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
Baýramçylyk günlerinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz üçin buýsançly waka, şanly senelere mynasyp sowgat boldy. Çünki bu ajaýyp eserde türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti giňden beýan edilýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyz, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi üçin ylmy-edebi gollanmadyr.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3 sany Kararnamasy bilen berkidilen we ösdürilen pugta halkara hukuk binýady bar. Bu resminamalar Bitaraplyk doktrinasynyň syýasy ýörelgeden başlap, halkara diplomatiýanyň köpugurly guralyna çenli ösüşini beýan edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir daşary syýasy hukuk derejesi bolman, eýsem, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň, durnuklylygyň hem möhüm bölegidir. Halkara derejede ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dürli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän oýlanyşykly daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýär.
Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.