Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.
Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara başlangyçlary oňyn netijelere beslenip, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. 2008-nji hem-de 2013-nji ýyllarda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty», 2023-nji ýylda bolsa «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilip, toplumyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, bu işlerde sanly tehnologiýalaryň ulanylyş gerimini giňeltmek wajyp wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu iri taslamanyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi.
Jemläp aýdanyňda, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, şol sanda energetika pudagynda durmuşa geçirilýän taslamalar dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Goý, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.