Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaş nesilleriň buýsanjyny goşalandyrýar.
Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnyklaryny, intellektual mümkinçiliklerini doly açmagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we beýleki resminamalar kabul edildi.
Eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan ýaşlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanmagy bizi has-da buýsandyrýar. Şu jähetden, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bilimde we sportda tapawutlanan ýaşlaryň sylaglanylmagy döwletimiziň ýaşlar baradaky aladasynyň berk binýatlydygyny aýdyň görkezdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
Beýik tutumlary, taryhy wakalary bilen şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaş nesliň nurana geljeginiň binýadyny berkiden şunuň ýaly döwletli tutumlar barmak büküp sanardan örän köpdür. Ýaş nesilleriň buýsanjyny goşalandyrýan hakykat bolsa şol döwletli tutumlaryň täze, 2026-njy ýylda gazanyljak üstünlikleriň, ýetiljek belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýanlygydyr.
Aýbölek KAZAKOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň baş buhgalteri.