Russiýanyň halk artisti Wera Alentowa 83 ýaşynda aradan çykdy. 25-nji dekabrda Anatoliý Lobotskiý bilen hoşlaşyk dabarasynda aktrisanyň ýagdaýy duýdansyz ýaramazlaşdy we ol gyssagly hassahana ýerleşdirildi. «SHOT» neşiriniň berýän maglumatyna görä, ölümiň sebäbi ýiti ýürek ýetmezçiligi boldy.
Alentowa 1942-nji ýylda Arhangelsk oblastynda dünýä indi. Ol 1961-nji ýylda Moskwa gelip, Moskwanyň çeper akademiki teatrynyň ýanyndaky W.I.Nemirowiç-Dançenko adyndaky mekdep-studiýasynyň aktýorlyk bölümine okuwa girdi. Okuwy tamamlanyndan soň, A.S.Puşkin adyndaky Moskwa drama teatrynyň toparyna kabul edildi. 1965-nji ýylda bolsa «Uçuşly günler» (Дни летные) filminde mugallym gyzyň keşbini janlandyryp, kinoda sungatyna ilkinji ädimini ätdi.
Aktrisa «Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Moskwa gözýaşlara ynanmaýar» filmindäki baş keşbi arkaly dünýä derejesinde şöhrat gazandy. Şeýle hem ol «Ertir uruşdy» (Завтра была война), «Şirli-myrli», «Balzak ýaşy…» ýaly köp sanly filmlerdäki keşpleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdy.
«THE ASHGABAT TIMES».