Dark
Light
27.12.2025
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025

Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň geljek ýylyň — bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitaraplyk 30 yyl THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

bmg un THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň başlangyjy bilen täze Kararnamalar kabul edildi

Soňkylar Habar

GitTop