li3k9zpueghq36heb5n0g9ksmsuthi 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzyň balyk senagatynyň ähmiýeti

12.03.2024

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde balykçylyk hojalygyny ösdürmäge uly üns berýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde içki we daşky suwlarda balyk tutmagyň we ony gaýtadan işlemegiň binýady kämilleşdirilýär. Tebigy suw ýataklarynda balykçylygy ösdürmekde, balykçylyk meliorasiýa işlerini geçirmek, balyklaryň promysel ähmiýetli görnüşlerini goýbermek, şol sanda olary ýerli şertlere öwrenişdirmek (akklimatizasiýa) bu ulgamyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Milli Liderimiziň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garagumuň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy balykçylygyň ýaýbaňlanmagyna amatly mümkinçilikleri döretdi. Ol barada Gahryman Arkadagymyz Türkmen kölüniň açylyş dabarasynda: “Bu baş şor suw akabasynyň ugrunda dürli göwrümli çöketlikler örän köp. Suwuň gelmegi bilen şol çöketliklerde owadan hem-de täsin kölleriň ençemesi peýda bolup, olaryň töwereginde häzirki zaman balyk hojalyklarynyň ýüzlerçesi dörediler” diýip belledi.

Ýurdumyzyň ilatyny balyk we balyk önümleri bilen doly üpjün etmekde maýa goýum serişdeleri Hazar deňzinde balyk tutmagyň möçberini köpeltmäge we howdan balykçylygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Balyk hojalygynyň köptaraplaýyn ösdürilmegini çaltlandyrmak we önümçiligi güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, bazary ýokary hilli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk balyk önümleri bilen üpjün etmek, balykçylyk pudagynyň esasy wezipesidir.

Annatäç TAGANOWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen Oba Hojalyk
Uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1646128435 8 kartinkin net p poeziya kartinki 8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Doganyňdyr

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lukman süýji keseliniň nädip anyklamalydygyny aýtdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop