Dark
Light
09.01.2026
arkadag fk THE ASHGABAT TIMES

«Arkadag» topary ýene iki futbolçyny düzümine goşdy

07.01.2026

«Arkadag» futbol topary milli ýygyndymyzyň iki hüjümçisini düzümine goşdy. Şolaryň biri häzire çenli «Altyn Asyr» futbol toparynda çykyş eden Rahman Myratberdiýew bolup, 24 ýaşyndaky tejribeli futbolçy çep ganatdan hüjüme geçmekde ajaýyp mümkinçilige eýedir. Iki gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başaran R.Myratberdiýew özboluşly tehnikasy bilen türkmenistanly janköýerleriň uly hormatyndan peýdalanýar.

Arkadag şäheriniň toparynyň ýene bir transferi «Köpetdag» toparyndan Daýanç Meredow boldy. 22 ýaşly futbolçynyň «Ahal» topary bilen ýurdumyzyň çempiony bolandygyny hem ýatlamak gerek. Futbol meýdanynda ýokary tizligi bilen tapawutlanýan Daýanç meýdançada tapawutlanýar. Ol garşylyklaýyn hüjümleri guramakda tejribeli futbolçy hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde hem garşydaş toparyň goragyny böwsüp geçmek ukyby bilen özüni görkezdi.

Rahman Myratberdiýewi hem-de Daýanç Meredowy transfer etmegi «Arkadag» toparynyň diňe täze möwsüme däl, eýse «AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2» bäsleşiginiň 1/8 finalyndaky «Al-Nassr» topary bilen boljak duşuşyklara hem ýokary derejede taýýarlanýandygyny görkezýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gulbaba THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş türkmenistanlylara Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy

68f289258f3bb640498820 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat şäheriniň salgyt bölümi Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyndaky üýtgeşmeler boýunça seminar geçirýär

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop