Dark
Light
10.01.2026
sport kom THE ASHGABAT TIMES

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026

Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Gülläp ösýän Watanymyzda halal hem döredijilikli zähmet çekip, bagtyýar durmuşa buýsanýan türkmen halky ähli ugurlar boýunça uly zähmet üstünliklerini gazanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşler, halkara derejesindäki özgertmeler hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň netijesinde amala aşyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, sport oýunlary görnüşleri boýunça birnäçe topara bölünýär. Şeýle hem sportuň görnüşleri pasyllara görä tapawutlandyrylýar. Sportuň esasy görnüşleriniň biri-de gyşky sport oýunlarydyr. Şu wagta çenli ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek boýunça köp işler edilýär. Muňa biz ýurdumyzda geçirilýän sport çäreleriniň, ýaryşlaryň, ýaşlaryň arasyndaky bäsleşikleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gyşky oýunlar hökmünde hokkeýi we beýleki ugurlary görkezmek bolar. Şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaş türgenleriň üstünlikleri gazanýandyklaryny aýratyn belläp bolar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine ýakynda sylaglary gowşurdy. Ynha, bu şanly wakanyň özi hem türkmen sportunyň ösdürilýändiginiň, kämil türgenleriň kemala gelýändiginiň subutnamasydyr.

Pirmämmet GYLYÇMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0002 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nestlé Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe we başga-da 20 ýurtda çaga iýmitlerini mümkin bolan toksin howpy sebäpli bazardan çykardy

oba newnew THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop