Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny hem agzybirlikde, ýokary ruhubelentlikde, päk arzuwlar bilen şatlykly garşylady. Eziz Watanymyzyň ýeten täze sepgitleriniň özboluşly dowamy bolan 2026-njy ýylyň şygary geljek üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygynyň ähli pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Her bir ýyly zähmet üstünliklerine besleýän türkmen daýhany öwgä mynasyp ösüşlere eýe bolup ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna öz goşandyny goşýar.
Geçen ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen senesi hökmünde Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Uly ähmiýetli wakalar, ýetilen belent sepgitler ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi. Geçen ýylda gazanylan netijelere ser salanyňda, edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, täze etraplar döredildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz hakyndaky aladalary mähriban Watanymyzyň abadançylygyny, adamlaryň bagtyýar durmuşyny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Goý, halkynyň abadan, asuda ýaşaýşy üçin aladalanýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, adamzat bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Agabek ROZMETOW,
TOHI-niň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.