Ýakynda Türkmenistanyň jemagat hojalygynyň düzümlerine niýetlenen köp sanly täze tehnikalar gelip gowuşdy. Olar Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerine gowşuryldy.

Täze tehnikalaryň hatarynda zeý suwuny sorujy we ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy awtoulaglar, süpüriji-ýuwujy, gapdalyndan zir-zibil ýükleýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol germew we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi maşynlar, agaç owradyjy, şeýle-de 25 tonnalyk ýük göterijiler, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, gidrogaldyryjylar, göteriji enjamly kiçi ýol ýuwujy awtoulaglar, hereketdäki ussahana awtoulaglary, ýörite agyr awtoulaglar tirkewi, ýükleýji ekskawator, öňtaraplaýyn uly ýükleýjiler, tekerli ekskawatorlar, zir-zibil daşaýjy ulag üçin açyk görnüşli konteýnerler, baglary göçürmek üçin enjamlar, aýratyn dakylýan enjamlar bar. Şeýle hem pudagyň işgärleri üçin 24 adamlyk awtobuslar satyn alyndy.
«THE ASHGABAT TIMES».