«Crew-11» missiýasynyň astronawtlary «Crew Dragon» kosmos gämisinde Kaliforniýanyň kenarýakasynda gyssagly ýagdaýda Ýere gondular. NASA edarasynyň «X» sosial tory arkaly göni ýaýlymda görkezen bu pursady, astronawtlaryň biriniň saglygynyň duýdansyz ýaramazlaşmagy bilen bagly boldy. «Gazeta.ru» neşiriniň habaryna görä, gämi meýilleşdirilen möhletden öň suwa gonmaly boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, «Crew-11» topary 15-nji ýanwarda, Moskwa wagty bilen gije sagat üç töwereklerinde Halkara kosmos bekedinden aýryldy. Bu gyssagly we wagtyndan öň amala aşyrylan dolanyşyga toparyň agzalarynyň birinde ýüze çykan saglyk meseleleri sebäp boldy. NASA hünärmenleri astronawtyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamak üçin ähli zerur çäreleri gördi.
Häzirki wagtda Halkara kosmos bekediniň dolandyryşy russiýaly hünärmenlere ynanyldy. Şeýle hem, beketde ylmy işleri dowam etdirmek üçin iki russiýaly kosmonawt we bir amerikaly astronawt galdy. Toparyň beýleki agzalarynyň saglyk ýagdaýy barada goşmaça maglumat berilmedi.