Italiýanyň “Atalanta” topary düzümini täze hüjümçi bilen güýçlendirdi. Bergamolylar geçen tomusda Madridiň “Atletiko” toparyna transfer bolan 25 ýaşyndaky Jakomo Raspadorini öz hataryna goşdy. Taraplaryň arasynda gazanylan ylalaşyga görä, Italiýanyň wekili bu transfer üçin ispan klubyna 25 million ýewro töleg amala aşyrar. Täze toparynda 18-nji belgili köýnekçäni geýjek Raspadori uzak möhletleýin şertnama gol çekdi.
Geçen ýylyň awgust aýynda Madridiň “Atletiko” toparyna transfer bolan Raspadori, ispan klubynyň düzüminde umumylykda 15 oýunda meýdança çykyp, 2 gol geçirmegi başardy. Professional karýerasyna “Sassuolo” toparynda başlan zehinli hüjümçi, bu ýerde geçiren 4 möwsüminde 82 oýunda 18 gezek tapawutlandy. Soňra 2022-nji ýylda “Napoli” toparyna geçen futbolçy, neapollylaryň düzüminde 3 möwsümiň dowamynda 109 duşuşyga gatnaşyp, ýene 18 goly öz adyna ýazdyrdy. Şeýle-de Raspadori Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde şu wagta çenli 45 oýunda meýdança çykyp, garşydaş derwezelere 11 gol girizdi.