Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) soňky hasabatyna görä, geçen ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda dünýä derejesinde syýahat edýänleriň sany 5 göterim ýokarlanyp, 1,1 milliard adama ýetdi. Hasabatda daşary ýurtlara gidip, baran ýurdunda azyndan bir gije bolan syýahatçylar hasaba alyndy. Bu görkeziji pandemiýadan öňki döwür, ýagny 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 3 göterim ýokarydyr.
«World Tourism Barometer» atly resmi resminamada bellenilişi ýaly, hasabat döwründe esasan Ýewropa we Demirgazyk Afrika sebitlerinde syýahatçylyk akymy has uly ösüş görkezdi. Hususan-da, Afrika sebitinde ösüş 10 göterime deň boldy. Dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän sebiti bolan Ýewropa bolsa 9 aýyň dowamynda 625 million myhmana gapylaryny açdy. Şeýle-de, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki syýahatçylaryň sany 8 göterim artdy.
Aýratyn ýurtlar boýunça seljerme geçirilende, syýahatçylaryň sanynyň artmagynda Braziliýa 45 göterimlik ösüş bilen öňe saýlandy. Şeýle-de Wýetnam we Müsür 21, Efiopiýa we Ýaponiýa 18, Günorta Afrika 17, Şri-Lanka we Mongoliýa 16, Marokko bolsa 14 göterim ösüş gazandy. Syýahatçylykdan gelýän girdejiler babatda Ýaponiýa 21 göterim, Nikaragua 19 göterim we Müsür 18 göterim ösüş bilen liderlik edýärler. Mongoliýa we Marokkonyň girdejileri hem 15 göterim ýokarlandy. Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy ýylyň doly jemleri baradaky maglumatlary ýylyň ahyrynda mälim eder.