Dark
Light
24.01.2026
gaz energetika THE ASHGABAT TIMES

Nebitgaz senagaty: döwrüň talabyndan ugur alyp

19.01.2026

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmeklige toplumlaýyn çemeleşilýär. Bu pudakda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine ösen tehnologiýalar, täzeçil usullar, öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Şunda halkara derejede gatnaşyklaryň ösdürilmegine we özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň netijeli özleşdirilmegine giň ýol açýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şunda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara başlangyçlary oňyn netijelere beslenip, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2008-nji hem-de 2013-nji ýyllarda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty», 2023-nji ýylda bolsa «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilip, toplumyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, bu işlerde sanly tehnologiýalaryň ulanylyş gerimini giňeltmek wajyp wezipeleriň hataryndadyr. Jemläp aýdanyňda, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, şol sanda nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän taslamalar dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Goý, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

20 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

20 – Ýanwar Azerbaýjan halkynyň gahrymançylyk we milli buýsanç ýyl ýazgysy

zhaut THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Halkara Žautykow olimpiadasynda 16 medal gazandylar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop