Dark
Light
24.01.2026
dermanlyk otlar THE ASHGABAT TIMES

Dermanlyk ösümlikleriň ensiklopediýasy

21.01.2026

Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüldi.

Kitap lukmançylyk ulgamynyň işgärleri, dermanlyk çig mallaryny taýýarlaýanlar we ýygnaýjylar bilen birlikde giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly gollanmalarynyň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik neşiriniň täze jildinde dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy barada giňişleýin berlen maglumatlary almak bolýar. Kitapda her bir dermanlyk ösümligiň surety berilýär. Bu bolsa şol dermanlyk ösümligi tanamaga, ýygylanda görmäge, deňeşdirmäge kömek edýär. Şeýle-de kitapda her bir dermanlyk ösümligiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, ulanylyşy we ondan derman taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar giňişleýin berilýär.

Okyjy dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça, rusça sözlügi, dermanlyk çig mallaryny ýygnamaklygyň senenamasy bilen tanşyp biler. Senenamada ösümlikleriň ady, olaryň köküni, ýapragyny, otuny, gülüni ýada miwesini, şahasyny, gabygyny haýsy aýda ýygnamalydygy görkezilipdir. Saklanyş möhletiniň giňden düşnükli edip beýan edilmegi bolsa, ylmy eseriň täsirliligini artdyrýar.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi.

Şadurdy ÝAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-­gurluşyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tehnopark THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täzeçil pikirlenmeleriň meýdançasy

sf labsafety THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Öňdebaryjy AI modelleri laboratoriýa howplaryny tanamakda şowsuz boldy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop