Dark
Light
24.01.2026
sf labsafety THE ASHGABAT TIMES

Öňdebaryjy AI modelleri laboratoriýa howplaryny tanamakda şowsuz boldy

21.01.2026

Emeli aňyň ylmy barlaglarda giňden ulanylýan döwründe täze geçirilen halkara seljermesi möhüm duýduryş berýär: häzirki öňdebaryjy AI modelleri laboratoriýada ýüze çykyp biljek howplary dogry seljermekde henizem ynamdar däl. Nature Machine Intelligence žurnalynda çap edilen täze barlagda 19 sany iň ösen AI ulgamynyň hiç biri laboratoriýa howpsuzlygy boýunça doly dogry maslahat berip bilmändir.

Barlagda ulanylan LabSafety Bench atly täze synag platformasy 765 sany test görnüşli sowaldan we 404 sany hakyky laboratorýa ýagdaýyna meňzeş açyk görnüşli ýagdaýdan ybarat. Testleriň maksady — AI modelleriniň himiki howplary, partlama ähtimallyklary, zäherlenme töwekgelçilikleri ýaly ýagdaýlary näderejede dogry seljerip bilýändigini barlamak.

Test görnüşli sowallarda käbir modeller — şol sanda DeepSeek‑R1 we GPT‑4o — takmynan 85% töweregi netijä ýetip, ýönekeý maglumatlary dogry tanap bildi. Mysal üçin, howply himiki serişdeler bilen hapalanan döwülen aýnany nädip zyňmaly diýen ýaly soraglarda olar ýeterlik derejede jogap beripdir.

Ýöne mesele açyk görnüşli, hakyky laboratorýa ýagdaýlaryny talap edýän soraglara gelende ýüze çykdy. AI modellerinden biriniň hem şeýle ýagdaýlarda 70%‑den ýokary dogrylyk görkezmändigi mälim edildi. Bu soraglar, meselem, belli bir enjamlaşdyrylyşda näme howplaryň bardygyny ýa-da bir adamyň ýalňyş hereketiniň nähili netijelere getirip biljekdigini anyklamaga gönükdirilipdir.

Barlagçylaryň bellemegine görä, AI ulgamlarynyň köpüsi:

  • howplary ýalňyş bahalandyrýar,
  • möhüm töwekgelçilikleri ünsden düşürýär,
  • käwagt bolsa düýbünden nädogry maglumat döredýär.

Bu ýagdaý emeli aňyň häzirki wagtda ýokary howply laboratoriýa şertlerinde ynamdar maslahatçy bolup bilmeýändigini görkezýär. Alymlar AI-nyň ylmy barlaglarda peýdaly bolup bilýändigini boýun alýarlar, ýöne howpsuzlyk ýaly möhüm ugurlarda onuň henizem adam gözegçiligine mätäçdigini nygtaýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dermanlyk otlar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dermanlyk ösümlikleriň ensiklopediýasy

caaf54dd c75b 427e b02d 7fd55c928f5c 3175x1768 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaýyň kommersiýa kosmos uçuşlarynyň geljegini nädip täzeden şekillendirmegi meýilleşdirýändigi

Soňkylar Dünýä habarlary

Amazon

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

21.01.2026
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web
GitTop