Taryha nazar aýlanyňda, geçen ençeme ýüzýyllyklarda türkmen topragynyň oýlap tapyşlar bilen dünýä taryhyna giren şahsyýetleriň mekany bolandygyna buýsanýarsyň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Belent ynamdan ruhlanýan ýaşlar biri-birinden netijeli oýlap tapyşlary bilen ýurdumyzyň ylym, tehnologiki we ykdysadyýet babatda gazanýan üstünliklerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda açylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky 9 ýyl bäri dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar, merkezde täze-täze açyşlar edilýär, döwrebap hyzmatlar hödürlenýär. Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilýän barlaglaryň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ählisinde, şol sanda oba hojalygynda, lukmançylykda, farmasewtikada, ekologiýada, azyk, himiýa, nebit himiýasy senagatynda giňden ulanylýar.
XXI asyryň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen «akylly» tehnologiýalaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryna ornaşdyrylmagy dünýä ykdysadyýetinde ählumumylaşmanyň tizleşmegine hem-de ösüşiň täze tapgyryna badalga bolup hyzmat etdi. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) agzalygyna kabul edilmegi dünýäniň we sebitiň iri maliýe guramalarynyň, uly şereketleriň depginli ösýän Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirýändiginiň subutnamasydyr.
Halkara ylmy-tehnologiýa parkyny bu düzüme agzalyga kabul etmek hakyndaky çözgüt ady agzalan assosiasiýanyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilen 39-njy Bütindünýä maslahatynda yglan edildi. Maglumat hökmünde aýdyp geçsek, Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasy dünýäniň tehnologik we ylmy merkezlerini, milli assosiasiýalaryny birleşdirýän abraýly guramadyr.
Ylmy goldamak we ony ösdürmek ýurduň geljegi üçin örän derwaýysdyr. Ylmyň ösüşiniň derejesi jemgyýetiň durmuşynyň derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir. Ylymly adam hemişe täzeçilligiň gözleginde bolýar. Kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa ylymdan başlanýar. Şu jähetden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky hem täzeçil ylmy pikirlenmeleriň meýdançasydyr.
Baýramgeldi BEÝIKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň baş hünärmeni.