Dark
Light
24.01.2026
saylawlar logo THE ASHGABAT TIMES

Demokratiýanyň aýdyň ýoly

21.01.2026

Mälim bolşy ýaly, saýlaw ulgamyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi bilen düzgünleşdirilýär. Döwletimizde saýlawlaryň geçirilmegini taýýarlaýan we üpjün edýän gurluşlar bolup saýlaw toparlary çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde, saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegine wekilçilikli edaralar, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, hukuk tertibini üpjün edýän degişli döwlet edaralary ýakyndan ýardam berýärler.

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Bu Kanun ýurdumyzyň saýlaw ulgamynda täze bir ösüşli gadamlaryň başlanandygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň birnäçesiniň saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi. Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, 14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.

Döwletimizde saýlawlaryň geçirilmegini taýýarlaýan we üpjün edýän gurluşlar bolup saýlaw toparlary çykyş edýär, şonuň bilen birlikde, saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegine wekilçilikli edaralar, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, hukuk tertibini üpjün edýän degişli döwlet edaralary ýakyndan ýardam berýärler. 

Ýurdumyzda adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň netijeli durmuşa geçirilmegi, demokratiýanyň dabaralanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Aýjahan YMAMBERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

image 9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, täze döwrüň akylly inženerleriniň mekany

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop