Dark
Light
24.01.2026
hindi a THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026

20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

24-nji ýanwarda tamamlanjak festiwalyň barşynda türkmen tomaşaçylaryna hindi kinematografiýasynyň dürli döwürlere we žanrlara degişli iň gowy eserleri hödürlenilýär. 

Festiwalyň meýilnamasynda durmuşda gabat gelýän dürli kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollary beýan edilýän «12-nji şowsuzlyk» (2023 ý.), sport üstünliklerinden söz açýan «83» (2021 ý.), maşgala gymmatlyklaryny wasp edýän «Rakşa Bandhan» (2022 ý.) hem-de «Ingliş-wingliş» (2012 ý.) ýaly çeper filmler bar. Şeýle-de festiwalda uly ýaşly tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan nusgawy hindi filmlerine hem orun berilýär. Hususan-da, 1972-nji ýylda döredilen «Zita we Gita», aýdym-sazly «Disko tansçy» (1982 ý.) hem-de 1975-nji ýylda surata düşürilen «Ar alyş we kanun» atly filmler görkeziler. 

23.01.2026: «Ar alyş we kanun» (1975) sagat 11:00

23.01.2026: «Rakşa Bandhan» (2022) sagat 17:00

24.01.2026: «Ingliş-wingliş» (2012) sagat 11:00

Giriş tölegsizdir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ayurweda THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aýurweda okuw otagy açyldy

U.S
Next Story

Azerbaýjan we ABŞ liderleri global meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Soňkylar Habar

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop