Dark
Light
24.01.2026
UNFPA

UNFPA we milli hyzmatdaşlar adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglygyny üpjün etmek boýunça seminar geçirdiler

23.01.2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwary – 2026-njy ýylyň 21-23-nji ýanwary aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky Wekilhanasy we milli hyzmatdaşlar reproduktiw saglygy boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGDSM) tarapyndan 2014-nji ýylda kabul edilen Başlangyç hyzmatlaryñ minimal toplumynyň (BHMT) çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmegiň meýilnamasyna täzeden seretmek boýunça seminar geçirdi. UNFPA-nyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Ýurt Maksatnamasynyň çäklerinde gurnalan bu çärä TSGDSM-nyň, Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Seminar UNFPA-nyň halkara bilermeni hanym Hizer Lorenseniň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça milli mümkinçilikleri we BHMT-nyň hereket meýilnamasyny seljerdiler. Şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglygy hyzmatlarynyň yzygiderliligini üpjün etmek üçin utgaşdyrmak, maliýeleşdirmek we mümkinçilikleri artdyrmak meselelerininiň üstünde işlediler. Meýilnamada aýallaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga aýratyn üns berildi.

Maslahatyň netijesi boýunça oňa gatnaşyjylarda BHMT-nyň ýörelgeleri we olaryň adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylyşy barada umumy düşünje emele geldi. Milli derejede BHMT-nyň taýýarlyk derejesini bahalandyrmagyň netijeleri tassyklanyldy. Bu netijelere esaslanyp, maslahata gatnaşyjylar täzelenen meýilnamany milli ulgamlara dessin ornaşdyrmak üçin wezipeleri, jogapkärçilikleri hem-de taýýarlygy güýçlendirmek we gözegçilik boýunça indiki ädimleri kesgitläp, Milli BHMT-nyň hereket meýilnamasyny jemlediler. Bu başlangyç UNFPA bilen Türkmenistanyň arasyndaky 2026-2030-njy ýyllar üçin täze bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.

Hanym Hizer Lorensen reproduktiw saglygy we ynsanperwerlik çäreleri ulgamynda 20 ýyldan gowrak tejribesi bolan halkara jemgyýetçilik saglygy goraýyş bilermenidir. Ol öz iş döwründe Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynda BHMT-ny taýýarlyk derejesini bahalandyrmak boýunça 11 gezek iş geçirdi, şeýle hem UNFPA we beýleki halkara guramalary üçin mümkinçilikleri artdyrmak we tehniki ýolbaşçylyk boýunça köp sanly başlangyçlara ýolbaşçylyk etdi. Hanym Lorensen adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglygy boýunça dünýä derejesinde ykrar edilen okuw modullarynyň awtorydyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ambassadeurs van de Centraal-Aziatische landen en Mongolie
Öňki taryh

Merkezi Aziýa we Mongoliýa ilçileri Brýusselde möhüm duşuşyk geçirdi

speka THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop