Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mähriban Watanymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini ykrar edýän çözgüt hökmünde kabul edildi. Şunda milli bilim ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde amala aşyrylýandygyny bellemek ýakymly. Bilim-terbiýeçilik düzümlerinde hem şanly ýylyň şygaryndan ugur alyp, usulyýet-guramaçylyk ugurly çärelere işjeň girişildi.
Çagalary türkmeniň iň asylly ýörelgelerine mahsus häsiýetde terbiýelemekde, ilhalar, watançy, zähmetsöýer, bilimli edip ýetişdirmekde bakja-baglaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralary pedagogikanyň usuly talaplaryna laýyklykda guramaçylykly iş alyp barmak bilen aň we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge goşant goşýar. Şunda döwrüň täsiriniň uly orna eýe bolşy ýaly, ýylyň wakalarynyň, ýylyň her bir pursatynyň hem täsiri uludyr. Bu ýylda bolsa öz şygaryna mahsus ösüşler, watançylyk joşguny ähli ýerleri gurşap aldy. Şol sanda biz hem bakja-bagymyzda ähli toparlarda bilim işgärleri we çagalar bolup, ýylyň täze üstünliklerine sary gadam basýarys.
2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagyndan başlap çagalara ýylymyzyň şygarynyň mazmuny düşündirilýär. Olara ýylyň nyşanyndaky bedew atyň şekiliniň, Türkmenistanyň kartasynyň we milli haly gölleriniň, zeýtun baldajylarynyň görnüşleriniň mysalynda çagalarda watançylyk duýgusy ösdürilýär. Biz hem çagalar bakja-bagymyzda geçiriljek bäsleşiklerde, säherliklerde, göreldeli sapaklarda, gyzyklanma çärelerinde, gezelençlerde we gün tertibiniň beýleki pursatlarynda döwrümiziň ösüşleri, ýylyň taryhy wakalary hakynda gyzykly gürrüňler ediler, çeper döredijilik çykyşlarynda, terbiýeçileriň taýýarlaýan okuw-görkezme esbaplarynyň mazmunynda beýan etmegi maksat edinýäris.
Nesilleriň röwşen geljegi hakynda uly aladalary durmuşa geçirip, iş tejribeleri artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, körpeleriň we ata-eneleriň köňül alkyşlary egsilmezdir.
Ogulnur ÝAKUBOWA,
Daşoguz şäheriniň inçekesele garşy bejeriş-sagaldyş görnüşli ýörite 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.